Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lebapda lagym sorujy beket we suw arassalaýjy desga açylyp ulanmaga berildi

10:4330.12.2023
0
38315

Türkmenabat şäherinde lagym sorujy beket we Çärjew etrabynda suw arassalaýjy desga açylyp ulanmaga berildi.

Lagym suwlaryny bir ýere jemleýän beket Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesiniň çäginde ýerleşýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Lagym sorujy beket welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk dolandyrmasynyň buýurmasy esasynda guruldy. Täze desga Türkmenabadyň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda ýerleşýän ýaşaýyş jaý toplumlarynyň we Azatlyk şäherçesinde täze dörän ýaşaýyş toplumlarynyň ilatyna hyzmat eder. Bu bolsa lagym sorujy bekediň şäheriň umumy ilatynyň 24 müň 446 hojalygyna hyzmat etjekdigini görkezýär.

Çärjew etrabyndaky suw arassalaýjy desganyň gurluşygyny hem «Ýaş türkmenler» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp bardy. Etrabyň Bitik geňeşliginiň çäginde ýerleşýän desga bir ýylyň dowamynda guruldy. Ol bir şäheri, bir şäherçäni, 7 geňeşligi, şol sanda 32 obany arassa agyz suwy bilen üpjün eder.

Bu bolsa suwuň 14 müň 861 hojalyga ýa-da 77 müň 863 adama ýeterlik boljakdygyny aňladýar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň