Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby çapdan çykdy

05:4726.12.2023
0
49952

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby çapdan çykdy. «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edilişi ýaly, döwlet Baştutany bu barada şu gün obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda aýtdy.

Bellenişi ýaly, täze kitapda Türkmenistanyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär.

— Bu kitap bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanýar. Men bu kitabyň ilkinji sanyny Gahryman Arkadagymyza sowgat hökmünde iberýärin — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanynyň kitaby okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň