Şu gün — 20-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, telefon arkaly söhbetdeşlik rus tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, RF-niň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna Federal Ýygnagyň döredilmeginiň we Russiýanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi, şeýle hem ony Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlament Assambleýasynyň geňeşiniň Başlygy wezipesine täzeden saýlanylmagy bilen gutlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýokary döwlet, hökümet we parlament derejelerindäki gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň esasy şertleri bolup durýandygyny belledi. Şeýle-de ynsanperwer ulgamda we halk diplomatiýasynyň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigi bellenildi.
Söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Russiýanyň halklarynyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmak, olaryň gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, özara hormat goýmagy we ynanyşmagy berkitmäge ýardam bermek üçin iki tarapyň hem mundan beýläk-de zerur mümkinçilikleri döretmegi dowam etjekdigine ynam bildirildi.
Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy türkmen halkynyň Milli Lideriniň garaýşyny tutuşlygyna goldap, rus tarapynyň iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga berk ygrarlydygyna ynandyrdy.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky gürrüňi dowam edip, söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we medeni-durmuş ulgamynda bilelikdäki işleri ösdürmegiň zerurdygyny bellediler.
Söhbetdeşligiň dowamynda şeýle hem iki ýurduň syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda halkara giňişlikde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Şunda Türkmenistanyň we Russiýanyň özlerini halkara gatnaşyklarynyň jogapkärli we hormata mynasyp gatnaşyjylary hökmünde görkezendikleri bellenildi. RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Bitarap Türkmenistanyň parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasatyny aýratyn nygtady.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, rowaçlyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.