Soňky habarlar

Arhiw

Sanjar Mulazgymogly: «Türkmenistanyň myhmansöýer halky bar»

13:5127.11.2015
0
1253

Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli jemleýji dabaralara gatnaşyjy  TÜRKSOÝ-nyň bölüm başlygy Sanjar Mulazgymoglunyň habarçymyza beren interwýusy:

— Ajaýyp güneşli güýz güni kalplarymyza dostlugyň, doganlygyň nury bolup çaýyldy. TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisine hem-de Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň jemleýji dabaralaryna gatnaşýandygymyz üçin özümi juda bagtly saýýaryn. Men Ankara şäherinden geldim. Türkmen topragy — biziň hem ata Watanymyz. Şonuň üçin bu ýerde geçirilýän çärelere gatnaşmak örän ýakymly. Bizi güler ýüz, duz-çörek bilen gadyrly garşyladylar. Bu ýerde geçirilen medeni çäreler bizde hiç wagt ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Türkmenistanyň zähmetsöýer hem myhmansöýer halky bar, nesip bolsa, biz bu ýere ýene kän dostluk baýramlaryna myhmançylyga geleris. Mary şäherinde ýerleşýän taryhy ýadygärlikler bu ýere gelen myhmanlaryň ählisinde hem uly täsir galdyrýar. Bu ýerdäki täze döwrebap binalar gadymy şäheriň gözelligine görk goşýar. Türkmenistana geljekde hem gülläp ösüş, parahatçylyk, bagtyýarlyk arzuw edýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň