Soňky habarlar

Arhiw

Lebapdaky himiýa zawody 94,1 million manatdan gowrak önüm öndürdi

13:4813.12.2023
0
28103

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda 94 million 147 müň manatlyk önüm öndürildi. Bu barada Jeyhun.news ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, degişli döwürde kärhana boýunça fosforly mineral dökünleriň 246 müň 535 tonnasy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwrüne görä 100,6 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Geçen 11 aýda kükürt kislotasynyň 89 müň 560 tonnasy, hlorly hekiň 197 tonnasy öndürildi we bu babatda meýilnamalar üstünlikli berjaý edildi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň