«Tyrkmenportalyň» nobatdaky hepdelik işewürlik-daýjestinde Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri – öňde boljak çäreleriň yglan edilmeginden başlap, ykdysadyýetiň esasy pudaklaryndaky anyk şertnamalara we başlangyçlara çenli okap bilersiňiz.
Esasy wakalar hakynda gysgaça:
• Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy;
• Ýurtda nebitgaz kompaniýalaryny uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemäge höweslendirmek boýunça çäreleri göülýär;
• Aşgabat Azerbaýjan we Täjigistan bilen energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy;
• Türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmaklarynda azyk we halal önümleriň halkara sergileri geçirildi;
• Türkmenistan we Hytaý bilelikdäki Işewürlik geňeşini döretmegi meýilleşdirýärler.
Öňde boljak çäreler
6 — 8-nji dekabr aralygynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi geçiriler.
2024-nji ýylyň başynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi geçiriler.
Ýangyç-energetika toplumy
Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy. Bu barada Prezident Serda Berdimuhamedow Dubaýda geçirilen «COP-28» howa sammitinde belläp geçdi. Şeýle hem Aşgabat bu borçnamadan gelip çykýan şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň çäklerinde halkara guramalary hem-de hyzmatdaş döwletler bilen gündelik hyzmatdaşlygy dowam etjekdigini nygtady.
Türkmenistandaky nebiti hem-de gazy gazyp alýan kompaniýalara çig mallary nebithimiýa we gazhimiýa önümleri, şol sanda suwuklandyrylan gaz görnüşinde gaýtadan işlemäge ygtyýar berildi. Şeýle hem olar nebithimiýa we gazhimiýa önümlerini satmak üçin salgyt tölemekden boşadyldy.
Söwda
Halkara hyzmatdaşlygy
Türkmenistan we Hytaý Türkmen-hytaý işewürlik geňeşiniň döredilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu düzümiň iki ýurduň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini çözmekde täsirli gurala öwrülmegine garaşylýar.
Gurluşyk
Oba hojalygy