Top.Mail.Ru

Türkmenistanda Kuraş boýunça dünýä çempionaty badalga aldy, Türkmenistanyň wekiliýeti Duşanbe şäherine ugrady, Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanun çap edildi we beýleki habarlar

12:5427.11.2023
0
23158

Türkmenistanda

1. Wise-premýer T.Atahallyýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherine gulluk iş saparyna ugrady. Saparyň maksady Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmakdan ybaratdyr.

2. Türkmenistanda «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanun çap edildi. Kanuna laýyklykda, girdejiler we çykdajylar boýunça ýurduň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti tassyklanyldy. Kanun esasynda umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň kadalyk ölçegleri bellenildi.

3. Türkmenistanda Garagum derýasynyň hanasyny yzygiderli arassalamak üçin mehaniki we biologiki usullar peýdalanylýar. Mehaniki usullar gum sorujy snarýadlaryň we buldozerleriň kömegi bilen arassalamagy öz içine alýar, olar gidro ulgamlaryň we suw howdanlarynyň suw geçirijilik mümkinçiliklerine täsir etmezden, derýanyň hanasyny giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga kömek edýärler. Biologiki usullar ot bilen iýmitlenýän iri balyklaryň – ak we ala çapak, karp, ak we gara amur balyklarynyň kömegi bilen arassalanmagy göz öňünde tutýar.

4. Türkmenistanyň paýtagtynda Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde Wita Timermanyň ýolbaşçylygyndaky Aşgabat çagalar horunyň konserti uly üstünlik bilen geçirildi. Konsert Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy we ÝB-niň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guraldy. Çagalar hory türkmen we ýewropaly kompozitorlaryň eserlerini ýerine ýetirdi. Çagalar iňlis, türkmen, latwiýa, fransuz, nemes, italýan dillerinde aýdym aýtdylar.

5. Aşgabat «100 çüwdürim» we «Baýram han Türkmen» seýilgähleriniň durky täzelener. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda bu seýilgähleriň durkuny täzelemek işlerini geçirmek üçin bäsleşik yglan etdi. Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri 2024-nji ýylyň 10-njy ýanwaryna çenli kabul ediler.

6. Aşgabatda dünýäde ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ulag aragatnaşygynyň haryt daşamak üçin çykdajylary azaltmak we ählumumy bazarlara çykmagy gowulandyrmak nukdaýnazaryndan, ähli döwletleriň geljegi üçin möhümdigi nygtaldy.

Dünýäde

7. A23a diýlip at berlen dünýäde iri buzdag (aýsberg) deňziň düýbünde 37 ýyllap gymyldaman durandan soňra herekete geldi. Buzdag 1986-njy ýylda Antarktidanyň kenarýakasyndan bölünip aýryldy, emma tiz wagtyň içinde deňziniň düýbüne çökdi. Onuň tutýan meýdany 4 müň inedördül kilometre golaý bolup, Londonyň meýdanyndan iki esse uludyr, galyňlygy bolsa 400 metre barabardyr. A23a soňky aýlarda okgunly herekete geçdi, tizlik alyp ugrady. Ol häzir hemra aragatnaşygynyň maglumatlaryna görä, Antarktida ýarymadasynyň demirgazyk böleginde ýerleşýär.

8. «Umytsyz öý hojalykçylary» serialynyň ýyldyzy Ýewa Longoriýa «People» neşirine beren interwýusynda ejesiniň kömegi bilen özüne göwnüýetmezçilik meselesiniň ýokdugyny aýtdy. «Men garaşsyz, güýçli aýallaryň maşgalasyndan. Görelde alar ýaly şeýle adamy uzak gözlemeli bolmadym. Her gezek men şol şeýle edip bilerin, hatda ondan hem köp zady edip bilerin diýip pikir edýärin» diýip, Longoriýa gürrüň berdi.

Sport habarlary

9. 28 ýaşly emin Timur Kulmuradow Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň 2023-nji möwsüminiň iň gowy emini diýlip ykrar edildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň her ýylda gowşurylýan baýragynyň ýeňijileri Aşgabatda geçirilen möwsümiň jemleri boýunça baýrak gowşurylyş dabarasynda yglan edildi. «Deňizçi» toparyndan Abdulla Nursähedow iň gowy oýunçy diýen ugurda ýeňiji boldy. Derwezeban Meretgeldi Baýramow («Deňizçi») iň gowy derwezeban diýlip ykrar edildi. Ýaryşyň iň köp pökgi geçiren oýunçysy «Köpetdag» toparynyň oýunçysy Mülkaman Annakuliýew boldy.

10. Aşgabatda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy. Dabara paýtagtyň Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň düzümine girýän Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirildi. 5 müň orunlyk tomaşa zalyna ýaryşlaryň badalga aljakdygyny aňladýan çäräniň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan köp sanly tomaşaçylar ýygnandylar. Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Soňra Kuraş boýunça dünýä çempionaty açyk diýlip yglan edildi.

11. Olimpiýa şäherçesinde Meksikada geçirilen ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda medal gazanan türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Çempionatda Gaýgyzyz Töräýew, Şahzadbek Matýakubow we Anamjan Rustamowa dürli derejeli medallara mynasyp bolmagy başardylar. Anamjan Rustamowa itekläp götermekde 104 kg netije görkezip, 81 kg çenli agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda täze Aziýa rekordyny goýmagy başardy. Ýaşlar çempionatynyň ýeňijilerine hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň