Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçiriler

08:1825.11.2023
0
23196

Şu ýylyň 8-9-njy dekabrynda Aşgabatda jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan wehimlere taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahat geçiriler. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçiriljek maslahata Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň wekilleri gatnaşarlar. Bu barada TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda wise-premýer N.Amannepesow bu halkara maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge we bu ulgamda daşary ýurtlar, abraýly halkara we sebit guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen giň gerimli işler geçirilýär.

Häzirki wagtda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, ýörite maslahata guramaçylykly taýýarlyk görmek işleri alnyp barylýar.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, 2023-nji ýylyň möhüm halkara wakasyna öwrüljek bu foruma 30-a golaý döwletden hem-de abraýly halkara guramalardan 60-dan gowrak wekiliň – lukmanlaryň, alymlaryň, bilermenleriň, lukmançylyk bileleşiginiň beýleki wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Goşulyşmazlyk Hereketi bilen netijeli özara gatnaşyga uly ähmiýet berýändigini belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatyny geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň