Soňky habarlar

Arhiw

«Alem Sport» dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň ylgaw enjamlaryny hödürleýär

15:0023.11.2023
0
30413

«Alem Sport accessories and equipments» dükany öý, sport zallary we fitnes-merkezleri üçin dürli görnüşleri hödürleýär. Dükanyň hödürleýän harytlarynyň hatarynda «Volksgym», «Oma Fitness», «Marshall Fitness» ýaly dünýäniň ynamdar öndürijileriniň islendik derejedäki ylgawçylar üçin ygtybarly maşk enjamlary bar.

«Eplenýän ylgaw enjamy howa şertlerine garamazdan, öýde islendik amatly wagtda sport bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýär. Ylgaw enjamy diňe bir ylgawy köpdürli etmek bilen çäklenmän, eýsem, türgenleşikde gazanýan ösüşleriňizi yzarlamaga hem kömek etjek dürli funksiýalar we programmalar bilen enjamlaşdyrylandyr» diýip, dükanyň wekili belledi.

Surat: techpunt.nl

Şeýle hem öý üçin ykjam ylgaw enjamlary uly bolmadyk göwrümi we agramy bilen tapawutlýarlar, bu bolsa jaýda ýerleşdirmegi we otagdan-otaga geçirmegi aňsatlaşdyrýar.

Mundan başga-da, «Alem Sport accessories and equipments» dükanynda professional ylgaw enjamlaryny satyn almak mümkindir. Bu kardio sport enjamlary fitnes klublarynda we sport zallarynda intensiw ulanmak üçin niýetlenendir. Olar ýokary berkligi, ygtybarlylygy we öndürijiligi bilen tapawutlanýarlar. Professional nusgalar 220 kilograma çenli agramy göterip bilýärler.

«Alem Sport accessories and equipments» dükanynyň geňeşçileri häsiýetleri we işleýiş mümkinçilikleri boýunça iň amatly nusgany saýlamaga kömek ederler.

Dükanda welosipedlere, şol sanda dag, ýol, şäher we çaga welosipedlerine 24% arzanladyşyň dowam edýändigini ýatladýarys. Aksiýa noýabr aýynyň ahyryna çenli dowam edýär!

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: «Berkarar» SDAM, 1-nji gat, B6B dükany.
  • telefonlar: (+993 62) 00 22 44, (+993 64) 34 57 57, (+993 12) 46 88 83;
  • sosial ulgamdaky sahypasy;
  • elektron poçta: Info@alemsport.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň