Soňky habarlar

Arhiw

«Alem Sport accessories and equipments» dükany «3-si 1-de» diwarlyk trenažýoryny hödürleýär

11:0521.10.2023
0
48652

Eger işiňden ýa okuwyňdan daşary trenažýor zalyna gatnamaga wagt tapylmaýan bolsa, türgenleşmek üçin öýüň ýa-da ofisiň bir burçundan özbaşdak trenažýor gurnap bolar. Bu ýagdaýda öýde uly bir ýeri eýelemejek trenažýorlaryň dürli görnüşlerinden almak türgenleşmäge giň mümkinçilik döreder.

Aşgabatda ýerleşýän «Alem Sport accessories and equipments» sport harytlarynyň we enjamlarynyň dükany «3-si 1-de» gurluşly trenažýorlaryny müşderilere ýetirýär. Bu enjamy turnik hem-de brus hökmünde peýdalanmagyň kömegi bilen pressi, arka myşsalaryny, bisepsleri we trisepsleri türgenleşdirip bolýar. Türgenleşik mahalynda oňaýly bolmagy üçin trenažýor arkalyk we golluk diregler bilen enjamlaşdyrylandyr. Trenažýor diwara berkidilip, öýde üýtgeşik bir ýer tutmaýar, şol bir wagtyň özünde hem ol güýç maşklarynyň birgiden toplumyny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Trenažýor-turnik sport bilen meşgullanýan we sagdyn durmuş ýörelgesine işjeň eýerýän ýakynlaryňyz üçin ajaýyp sowgat bolup biler.

«Alem Sport accessories and equipments» dükany «3-si 1-de» gurluşly trenažýor-turnigine bir ýyllyk kepillik berýär, şeýle-de ony Aşgabat şäheriniň çägine we welaýatlara eltip bermek hyzmatyny ýetirýär. Ony göni dükandan satyn alyp hem-de şu salgylanmadan eltip bermek hyzmaty bilen sargyt edip bolýar.

«Alem Sport accessories and equipments» dükanynyň salgysy: Aşgabat ş., «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi, 1-nji gat, B6B dükany. Telefon belgileri: (+993 62) 00 22 44, (+993 64) 34 57 57, (+993 12) 46 88 83.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň