Sport güýzi: «Alem Sport apparels and shoes» möwsümleýin eşikleri we aýakgaplary hödürleýär

10:0730.09.2023
0
31876

Aşgabat şäherindäki «Berkarar» söwda-dynç merkeziniň 1-nji gatynda ýerleşýän «Alem Sport apparels and shoes» sport dükany güýz-gyş möwsümi üçin egin-eşikleriň we aýakgaplaryň köp görnüşlerini alyjylara ýetirýär.

«Lotto», «Nike», «Reebok», «Under Armour» ýaly dünýäniň öňdebaryjy haryt nyşanlarynyň ýyly hem-de ajaýyp sport egin-eşikleri rahatlygy we oňaýlylygy bilen tapawutlanýar.

Şeýle-de «Alem Sport apparels and shoes» dükanynda sport bilen professional derejede meşgullanýan türgenler hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini halaýanlar üçin ýörite köp görnüşli sport aýakgaplary hödürlenýär.

Dükanyň birnäçe dürli tapawutly taraplary bolan intellektual aýakgap görnüşleriniň hatary hem yzygiderli giňeldilýär. Bu peýdaly we ajaýyp görnüşe eýe bolan aýakgaplaryň hatarynda janköýerleriniň sany barha artýan döwrebap «akylly» krossowkalar hem bar.

Ýatlatsak, dükanda eger zerur bolan önümiň ýok bolan ýagdaýynda ony sargyt boýunça daşary ýurtlardan hem getirdip bolýar, şeýle-de dükan satyn alnan harytlary Aşgabat şäherine we ýurduň beýleki welaýatlaryna hem eltip berýär.

«Alem Sport» dükanynyň assortimenti bilen «Berkarar» SDAM-yň 1-nji gatynda ýerleşýän B66 dükanyndan tanşyp bilersiňiz. Goşmaça maglumat soramak üçin telefon belgileri: (+993 62) 00 66 55; (+993 65) 80 25 52; (+993 12) 46 84 07.

«Alem Sport» dükanynyň sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Elektron poçta salgysy: Info@alemsport.com

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň