«Alem Sport accessories and equipments» dükanynyň söweş esbaplary bilen ýeňiş gazan

10:0602.09.2023
0
39924

Sportda uly üstünliklere ýetmek — irginsiz türgenleşigiň, yhlasyň, tertip-düzgüniň we özüňe bolan ynamyň netijesidir. Türgenlere öz maksatlaryna ýetmäge oňaýly esbaplar hem giňden ýardam edýär.

Türkmenistanyň ýaşaýjylary türgenleşik we ýaryşlara gatnaşmak üçin zerur bolan esbaplary «Alem Sport accessories and equipments» dükanyndan tapyp bilerler. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri — boks, karate, sambo we beýleki göreş görnüşleri üçin niýetlenen sport esbaplary bardyr.

«Söweş sungaty üçin niýetlenen enjamlar rahatlygy, şikeslerden goragy we söweşijiniň hereket azatlygyny üpjün etmelidir. Şonuň üçin dükanymyz diňe öňdebaryjy sport öndürijileriniň özboluşly önümlerini hödürleýär» — diýip, «Alem Sport accessories and equipments» dükanynyň hünärmeni gürrüň berýär.

Dükandan söweş sungaty üçin aşakdaky önümleri satyn alyp bilersiňiz:

  • boks, muaý taý, kikboks elliklerini;
  • boks esbaplary: sumkalar, lapalar, «armytlar», manekenler;
  • boks, muaý taý, kikboks üçin kaskalar;
  • söweş sungaty üçin eşikler: boks şortikleri, maýkalar, raşgardlar, kimonolar, trikolar;
  • boks we söweş sungaty üçin aýakgaplar;
  • dabanlary, aýaklary, billeri, tirsekleri goramak;
  • sargylar, ellik dykylary we başgalar.

«Alem Sport accessories and equipments» dükanynyň hünärmenleri islegiňize we maksadyňyza görä iň laýyk gelýän enjamlary saýlamaga ýardam ederler.

Dükanda tennis, futbol, suwda ýüzmek, bedenterbiýe, ýoga, agyr atletika we ýeňil atletika, hokkeý, basketbol we beýleki köp sanly sport görnüşleri üçin ýokary hilli we ygtybarly esbaplaryň, enjamlaryň, egin-eşikleriň hem-de aýakgaplaryň hödürlenilýändigini ýatladýarys.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezi, 1-nji gat, B6B dükany;
  • telefon belgileri: (+993 62) 00 22 44, (+993 64) 34 57 57, (+993 12) 46 88 83;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.
  • elektron poçta salgysy: info@alemsport.com.

Şeýle-de okaň:

Wideo: Aşgabadyň niresinde sport egin-eşiklerini almaly?

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň