Soňky habarlar

Arhiw

Durmuş — hereket: saglyk we ruhubelentlik üçin sporty nädip saýlamaly

0
31063

Sport bilen eýýäm yzygiderli meşgullanýarsyňyzmy, ýa bolmasa-da şol başlaýyn diýip ýören duşenbäňiz gelip ýetdimi, parhy ýok, aşakda getirilen sanaw size diňe bir saglygyňyz üçin däl, eýsem ruhuňyzy belent tutmagyňyz üçinem fiziki işjeňligiň görnüşini saýlamaga kömek eder.

Ýoga — bu özünde bedenterbiýe maşklaryny, dem alyş usullaryny we üns jemlemek amallaryny jemleýän fitnesiň iň bir ruhy taýdan kämilleşdiriji görnüşi. Ýogada biri-birinden tapawutlanýan köp sanly ugurlar bar: hatha, kundalini, aştanga, aeroýoga. Bulardan öz temperamentiňize hem-de häzirki wagtda özüňizi nähili duýýandygyňyza laýyk gelýän görnüşi saýlaň.

Suwda ýüzmegi hem bedeniň myşsalaryny berkitmek, oňurga, ýürek-damar ulgamyny we immuniteti güýçlendirmek isleýän bolsaňyz saýlap bilersiňiz. Suwuň sesi rahatlandyrýar, nerw dartgynlylygyny aýyrýar we aladalardan saplanmaga kömek edýär. Suwda ýüzmek — islendik ýaşdaky adamlaryň sporty, şonuň üçin suwda ýüzmäge tutuş maşgala bolup gitmek bolar.

Tennis — aristokratlaryň oýny bolup, diňe bir fiziki işjeňligi däl, eýsem, meşhur detektiwleriň gahrymany Erkýul Puaronyň aýdyşy ýaly, «çal öýjükleri işlemäge» mejbur edýär. Tennis bilen yzygiderli meşgullanmak strategiki pikirlenmäni ösdürýär, beýniniň işini sazlaýar we ýady, şeýle-de ünsüňi jemlemegi kämilleşdirýär.

Ylgamak. Fiziki işjeňligiň bu görnüşini ýagdaýa laýyklykda «Hiç hili kyn zat däl, ýönekeý!» diýip beýan edip bolar. Şeýle hem, ýeňil tizlik bilen ylgamak beýniniň we aşgazan-içege ulgamynyň işleýşini gowulaşdyrmaga, immuniteti güýçlendirmäge, horlanmaga, myşsalary, bogunlary we öýkenleri berkitmäge kömek edýär.

Nauşnikde halaýan sazyňy diňläp tandemde ylgamak — gahar-gazapdan we birahatlykdan dynmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Ylgaýan mahalyň bedeniň şatlyk gormonyny — endorfini öndürýändigi ylmy taýdan subut edilen hakykatdyr, onuň täsiri hatda ylgawdan soňam bildirýär.

Tans etmegi-hä hiç kimem ýürekgysgynç güýmenje hasap etmese gerek. Adam islendik ýaşda tans etmäge başlap biler. Tans sapaklary diňe bir bedeni berkitmäge kömek etmän, beýniniň işine hem oňyn täsir edýär: tans hereketlerini öwrenmek täze nerw baglanyşyklaryny döredýär. Mundan başga-da, psihologlaryň pikiriçe, tans edýänler özüne has ynamly adamlar bolýarlar.

Welosiped. Welosiped sürmegiň görnetin peýdaly artykmaçlyklary diýip şulary görkezmek bolar: saglyga peýdasy, maliýe taýdan elýeterliligi, arassa howada wagt geçirmek mümkinçiligi. Gezelenç wagtynda öýjükleriň kislorod bilen üpjün edilmegi we gan aýlanyşy gowulaşýar, uzaklara seretmek zerurlygy sebäpli gözüň myşsalary türgenleşýär. Welosiped sürýänleriň warikoz damarlaryndan ejir çekmek ähtimallygy azdyr.

«Alem Sport apparels and shoes» hem-de «Alem Sport accessories and equipments» dükanlarynyň hünärmenleri sportuň hyjuwlandyrýan, şähdiňi açyp, ruhy ylham berýändigine ynanýarlar. Şeýle hem, olaryň pikiriçe, dogry saýlanyp alnan eşiklerdir aýakgaplar, enjamlar we dürli görnüşli sport esbaplary üstünlikli türgenleşigiň açarydyr.

«Alem Sport» torunyň dükanlaryndan türkmenistanly sport muşdaklary ýörite sport bilen meşgullanmak üçin öndürilen önümleri satyn alyp bilerler. «Akylly» krossowkalaryň ýa-da egin-eşikleriň önümçiliginde ýer bilen sazlaşyklylygy ýokarlandyrmak, sürtülmäni azaltmak, gan aýlanyşyny ýokarlandyrmak we türgenleşikden soň myşsalaryň dikelmegini çaltlandyrmak üçin tehnologiýalar ulanylýar.

«Alem Sport accessories and equipments» dükanynyň assortimentinde trenažýorlar, aksessuarlar, enjamlar, egin-eşikler, aýakgaplar we sportuň dürli görnüşleri üçin niýetlenen esbaplar bar.

«Alem Sport apparels and shoes» dükanyndan müşderiler sport egin-eşikleriniň we aýakgaplaryň «Lotto», «Nike», «Reebok», «Buka», «Under Armour», «Puma» we beýlekiler ýaly meşhur brendleriniň ýokary hilli önümlerini saýlap bilerler.

Şeýlelikde, sport — diňe bir saglyk üçin däl, eýsem ruhy taýdan işjeň bolmak üçinem peýdalydyr. Öz gyzyklanmaňyza we başarnygyňyza laýyk gelýän fiziki işjeňligiň görnüşini saýlamak bilen, siz türgenleşiklerden lezzet alyp, özüňizi duýşuňyzy gowulandyryp bilersiňiz. Sport tejribäňizi has artdyrmak we täsirli etmek üçin bolsa «Alem Sport» dükanlaryna ýüz tutup bilersiňiz. Bu ýerde size meşhur brendleriň ýokary hilli sport geýimleri, aýakgaplary we enjamlary garaşýar. Saglygyňa we rahatlygyňa peýda getirjek işi soňa goýma — sport bilen şu günden türgenleşip başla!

Alem Sport accessories and equipments 

  • ýerleşýän salgysy: «Berkarar» SDAM, 1-nji gat, B6B dükany; 
  • telefon belgileri: (+993 62) 00 22 44, (+993 64) 34 57 57, (+993 12) 46 88 83;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Alem Sport apparels and shoes

  • ýerleşýän salgysy: «Berkarar» SDAM, 1-nji gat, B66 dükany;
  • telefon belgileri: (+993 62) 00 66 55; (+993 65) 80 25 52; (+993 12) 46 84 07;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Peýdalanylan çeşmeler: cofe.ru; 5qbe.kz; www.redbull.com; www.velostrana.ru www.championat.com 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar