«Alem Sport apparels and shoes» geýnişine üns berýän we işjeň zenanlar üçin sport lybaslaryny hödürleýär

11:5105.10.2023
0
31748

«Alem Sport apparels and shoes» sport egin-eşikleriniň hem-de aýakgaplarynyň dükany gyzlara we zenanlara sport bilen meşgullanmak üçin losinalaryň hem-de topikleriň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Rahat, çyglylygy saklamaýan we ýuwmak aňsat bolan, poliamidden we elastandan taýýarlanan elastik üstki geýimler (toplar) hem-de losinalar aerobika we fitnesden başlap, güýç maşklaryna çenli sportyň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýanlar üçin ajaýyp saýlaw bolar.

Saýlap almak üçin losinalardan hem-de ýeňli we ýeňsiz toplardan ybarat toplumlar, şeýle hem dürli reňkdäki we ölçegdäki aýratyn losinalar bardyr.

«Biziň dükanymyzda sport bilen meşgullanmak üçin gerek bolan ajaýyp görnüşi hökman taparsyňyz» diýip, «Alem Sport apparels and shoes» dükanynyň wekilli belläp geçdi.

«Alem Sport apparels and shoes» müşderilerine şu salgyda garaşýar: Aşgabat, «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi, 2-nji gat, B-66 dükany. Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 62) 00 66 55, (+993 65) 80 25 52, (+993 12) 46 84 07.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň