Soňky habarlar

Arhiw

«Alem Sport accessories and equipments» täze ýylyň öňüsyrasynda ähli welosipedlerine arzanladyş yglan etdi

10:2015.11.2023
0
29814

«Alem Sport accessories and equipment» dükany Täze ýylyň öňüsyrasynda welosipedleriň ähli görnüşlerine 24% arzanladyş yglan edýär. Bu ajaýyp pursatdan peýdalanyp, 2023-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli amatly bahalardan täze welosiped satyn alyp bolýar.

Dükanda «Viva», «Twitter», «Akez», «Himo» ýaly dünýä belli brendleriň zenanlar, erkekler, ýetginjekler hem-de çagalar üçin niýetlenen dürli görnüşdäki welosipedleri hödürlenýär. Olaryň hatarynda welosiped ulaglarynyň dagda, ýolda, şäher şertlerinde, gezelenç edilende sürülýän dürli görnüşleri bar.

Bu ýerde degerli maslahatlary berýän satyjylarynyň hyzmaty bilen, welosiped sporty ýa-da welosipedde gezelenç etmek üçin bu ulagyň iň amatly modelini hem-de dürli esbaplaryny saýlap bilersiňiz. Bularyň ikinjisi üçin «HIMO C26» modeli örän göwnejaý bolar. Agramy 25 kg bolan ýeňil welosiped sagatda 25 km tizlige, awtonom režimde bolsa 60 km çenli tizlige ýetýär.

Alyjylar 120 kg agramy bolan «DISIYUAN BIKE» ýaly modele hem ýokary baha bererler. Doly özbaşdak dolandyryşda welosipediň geçýän aralygy 45 kilometre we tizligi 40 km/sag çenlidir. Şeýle hem bu ugurda 120 kg agramy bolan «LANKLEISI BLISS BRANDS XT600» modeli hödürlenýär. Ol bolsa sagatda 40-45 km tizlige we doly özbaşdak dolandyryşda 50 km-e ýetýär.

Bu ýerde ekstremal welosiped ýaryşlarynyň ýa-da welosipedde tilsim görkezmegiň muşdaklary hem ünsden düşmeýär. Sebäbi dükana sargyt edip, gysga wagtda islendik görnüşli professional welosiped modellerini almak bolýar.

Nähili welosiped edinsem diýip netijä gelmezden öňinçä, ony nirede, şäherde, ýolda, dag şertlerinde ýa-da uly ýolda sürjekdigiňizi göz öňünde tutmaly. Her görnüş diňe bir daşky görnüşi we özboluşlylygy bilen däl, eýsem tehniki aýratynlyklary bilen hem tapawutlanýar: mysal üçin ýol üçin niýetlenen tigirleri diňe bir daglarda däl, hatda gazonda-da sürüp bolmaz, dag tigirleri ýeterlik ýokary tizlige ýetip bilmeýär, ýogsam olar ähliumumy hem hasaplanýar. Islendik welosipedi satyn alanyňyzda onuň möhüm tarapyna, has takygy nowasynyň ululygyna üns bermeli. Ol tigirleriň beýikligini sazlaýar hem-de geljekki eýesiniň boýuna laýyk edilip saýlanylýar.

Dükanda satyn alnan harydy Aşgabat şäheriniň çägine tölegsiz eltip bermek hyzmaty göz öňüne tutulan. Welaýatlarda hem «gapydan-gapa» ýörelgesi hereket edýär. Harydyň tölegi nagt hem-de nagt däl görnüşlerde kabul edilýär (bank karty arkaly).
Islendik satyn alynýan welosipede ony öndüriji kompaniýa baglylykda kepillik hyzmaty ýetirilýär.

Köp brendli «Alem Sport accessories and equipments» dükanynda şeýle-de original ýokary hilli sport aýakgaplarynyň, sportuň dürli görnüşleri bilen professional derejede meşgullanmak, işjeň dynç alyş hem-de fitnes kluba gatnamak üçin egin-eşikleriň we aksessuarlaryň giň haryt görnüşleri hödürlenýär.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: «Berkarar» SDAM, 1-nji gat, B6B dükany;
  • telefon belgileri: (+993 62) 00 22 44, (+993 64) 34 57 57, (+993 12) 46 88 83;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • elektron poçtasy: Info@alemsport.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň