Soňky habarlar

Arhiw

«Alem Sport» zynjyrynyň sport dükanlarynda skandinaw ýörişiniň muşdaklary üçin ähli zerur esbaplar hödürlenýär

10:4704.11.2023
0
29840

Sport zalynda bedene güýçli fiziki agram salmazdan özüňi sagdyn saklamagyň usuly hökmünde skandinaw ýörişiniň meşhurlygyny artýar. Onuň bilen islendik ýaşdaky adamlar, hatda garrylar ýa-da ýürek kesellerinden (infarkdan ýa-da insultdan soňky ýagdaýlardan başga), daýanç-hereket ulgamynyň nähoşluklaryndan ejir çekýänler, şeýle hem operasiýadan soň bejergi alýanlar meşgullanyp bilerler.

Ýörite taýaklar bilen ýöremek islendik howada diýen ýaly (aşa yssydan we güýçli ýagyşdan başga) we ýylyň islendik wagtynda amala aşyrylyp bilner; onuň üçin ýörite giňişlikler ýa-da welosportdaky ýaly ýörite niýetlenen ýollar gerek däldir. Aşgabatdaky «Alem Sport accessories and equipments» we «Alem Sport apparels and shoes» dükanlary skandinaw ýörişi bilen meşgullanmak üçin dürli lybaslary we enjamlary hödürleýärler.

Bu sport üçin ýörite taýaklary «Alem Sport accessories and equipments» dükanynda satyn alyp bilersiňiz, bu ýerde sportyň islendik görnüşi, şol sanda skandinaw ýörişi bilen meşgullanmak üçin sport enjamlarynyň we esbaplarynyň iň köpdürli görnüşleri hödürlenýär.

Skandinaw ýörişi bilen meşgullananylanda bogunlara we oňurga artykmaç agram düşmez ýaly, rahat we dogry aýakgaby saýlamak möhümdir. Skandinaw ýörişi üçin iň amatly krossowkalary «Alem Sport apparels and shoes» sport lybaslarynyň we aýakgaplarynyň dükanynda saýlap alyp bilersiňiz. Bu ýerde öňdebaryjy öndürijileriň adam aýagynyň gurluşyny we sport bilen meşgullanylanda düşýän agramy göz öňünde tutup taýýarlan sport aýakgaplarynyň nusgalary hödürlenýär. Şeýle hem dükanda islendik howada skandinaw ýörişi bilen meşgullanmak üçin sport lybaslaryny saýlap almak mümkindir.

Sport lybaslarynyň, aýakgaplarynyň we esbaplarynyň dükanlarynyň salgylary:

  • Alem Sport accessories and equipments: Aşgabat, «Berkarar» SDAM, 1-nji gat, B6B dükany. Telefonlar: (+993 62) 00 22 44, (+993 64) 34 57 57, (+993 12) 46 88 83;
  • Alem Sport apparels and shoes: Aşgabat, «Berkarar» SDAM, 1-nji gat, B66 dükany. Telefonlar: +993 62) 00 66 55; (+993 65) 80 25 52; (+993 12) 46 84 07.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň