Türkmenistana Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Ýagny Türkmenistan 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň (CIGEPS) agzalygyna biragyzdan saýlanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda aýdyldy.
Wise-premýer Prezident Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurduň halkara abraýynyň ýokarydygyna şaýatlyk edýän bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanyna hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyna berk jan saglyk, Türkmenistanyň we türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bu habary kanagatlanma bilen kabul etdi hem-de mejlise gatnaşyjylara we ähli watandaşlaryna ýüzlenip, ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habara ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany hemmeleri Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň agzalygyna 2023 — 2027-nji ýyllar üçin saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap:
— Biz muňa ýurdumyzyň alyp barýan oňyn bitaraplyk daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde baha berýäris — diýip belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen däp bolan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtap, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.