Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, mejlisde ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem-de beýleki käbir meselelere garaldy.
Hökümet mejlisinde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy düzgünlerine laýyklykda we döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen möhüm wezipeleri nazara almak bilen amala aşyrylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Şeýle hem halkara düzümler we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow döwrüň talap edýän täze kanunlaryny işläp taýýarlamagy dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
— Döwletimiziň alyp barýan netijeli syýasaty bu kanunlarda öz beýanyny tapmalydyr, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyryp, ösüşlerimize itergi bermelidir — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
Soňra wise-premýerler hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri, resminamalaryň taýýarlanan taslamalary barada hasabatlary berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutany käbir resminamalara gol çekdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.