Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Sloweniýanyň Prezidentinden Türkmenistanyň Prezidentine hat geldi

21:5615.11.2023
0
15637
Sloweniýanyň Prezidentinden Türkmenistanyň Prezidentine hat geldi
Surat: tdh.gov.tm

Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Nataşa Pirs-Musardan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Beýan edilişi ýaly, Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Nataşa Pirs-Musar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen hatynda, hususan-da, şeýle belleýär:

— Şu ýyl Sloweniýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 30 ýyl bolýar. Şunuň bilen baglylykda, geçen 30 ýylyň içinde biziň ýurtlarymyzyň arasynda özara hormat goýmaga hem-de ynanyşmaga esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilendigini bellemäge şatdyryn.

Sloweniýanyň hem-de Türkmenistanyň halkara dialogy we umumy gymmatlyklary pugtalandyrmaga uly goşant goşýandygyny we häzirki döwrüň köp sanly ählumumy wehimlerine garşy durmakda bilelikde üstünlikli hereket etmäge ukyplydygyny kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Şu pursatdan peýdalanyp, Size we Türkmenistanyň ähli raýatlaryna parahatçylyk, abadançylyk hem-de ösüş baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň