Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Guwlymaýak şäherçesinde iri ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbi tutuldy

12:4803.11.2023
0
37757

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi hem-de düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Bu barada TDH ýazýar.

Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynyň işgärleri üçin niýetlenen degişli durmuş maksatly desgalary özünde jemleýän iri ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbi tutuldy.

Habarda bellenilişi ýaly, Döwlet Baştutany ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy boýunça işleriň başlanmagyna ak pata berdi we ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda geljekki toplumyň binýadyna pil bilen ilkinji beton garyndysy guýdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň