2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde möhüm resminamalara gol çekildi, öňde boljak çäreler, döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryna we halkara hyzmatdaşlygyna degişli wakalar barada aýdyldy. Senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, şeýle hem Türkmenistanyň halkara giňişligindäki ornuny berkitmäge aýratyn üns berildi.
Döwlet Baştutanynyň gol çeken resminamalary
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň däneçilik, ekerançylyk we pagtaçylyk boýunça üç sany ylmy-barlag institutlaryny döretmek hakynda Karar. Olar Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň bölünmegi arkaly dörediler. Oba hojalyk ministrligine täze institutlaryň Tertipnamalaryny taýýarlamak tabşyryldy.
Öňde boljak wakalar
3-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Astana şäherinde geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana iş saparyny amala aşyrar. Çärede Türkmenistanyň Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşigine girmegi bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. Saparyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşyk hem meýilleşdirilýär.
8-9-njy noýarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşkent şäherinde geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana iş saparyny amala aşyrar.
20-nji noýabrda Berlin şäherinde Türkmen-german işewürlik maslahaty geçiriler.
22-23-nji noýabrda London şäherinde «Türkmenistan — maýa goýum we ösüş» atly maýa goýum forumy geçiriler.
9-10-njy noýabrda Aşgabatda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahat geçiriler.
14 — 16-njy noýabr aralygynda Aşgabatda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal geçiriler. Oňa Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Tatarystanyň (RF), Täjigistanyň we Özbegistanyň teatrlarynyň wekilleri gatnaşarlar. Festiwalyň açylyş we ýapylyş dabaralary Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçiriler. Sahna oýunlarynyň görkezilişi paýtagtda we Arkadag şäherinde geçiriler.
16 — 18-nji noýabrda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy geçiriler. jek taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Oňa Türkmenistandan hünärmenleriň, talyp we meýletinçi ýaşlaryň, şeýle hem HHR-iň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň ýaş wekilleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar. Çäräniň dowamynda howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň durnuklylygy, bilim, ylym, innowasiýalar, medeniýet, sungat ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň festiwalyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Ykdysadyýet
«Halkbank”» PTB ykjam telefonlar üçin “Sanly kart” programma üpjünçiligini işläp taýýarlady. Onuň kömegi bilen Türkmenistanda “NFC” we “QR-kod” tehnologiýalaryny ulanmak arkaly galtaşyksyz töleg amallaryny geçirmek hyzmaty giriziler. Şeýlelikde, islendik smartfon arkaly harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri tölemek mümkin bolar.
Ýokarda yglan edilen Berlin şäherinde geçiriljek Türkmen-german işewürlik maslahaty we London şäherinde geçiriljek «Türkmenistan — maýa goýum we ösüş» atly maýa goýum forumy ýurduň IT, ulag we telekommunikasiýalar pudaklarynyň infrastrukturasyny giňeltmek boýunça taslamalara bagyşlanar. Şeýle hem olarda nebitgaz, himiýa senagaty, bank we ätiýaçlandyryş ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy artdyrmagyň mümkinçiliklerine garalar.
Senagat
Prezident Serdar Berdimuhamedow senagat meseleleri boýunça wise-premýer Baýmyrat Annamämmedowa himiýa senagatynyň önümçilik kärhanalarynyň doly taslama kuwwatynda işlemegini üpjün etmegi, «Maryazot» önümçilik birleşiginiň birinji ammiak önümçiliginiň durkuny täzelemek meselesiniň üstünde işlemegi tabşyrdy.
Halkara hyzmatdaşlygy
Şäherleriň bütindünýä gününde Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girzilendigi barada yglan edildi. Şeýle hukuk derejesi türkmen paýtagtyna häzirki zaman halkara urbanistika kadalary bilen ösýändigi mynasybetli berildi.
Oba hojalygy