Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow «Türkmentel-2023» halkara forumyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy

23:5902.11.2023
0
26768

9-10-njy noýabrda Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, sanly ösüşde döwlet strategiýasy ýaly meseleleri öz içine alar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň halkara foruma görülýän taýýarlyk işleri hakyndaky hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenişi ýaly, bu foruma Türkmenistandan we daşary ýurtlardan alymlaryň, bilermenleriň, işewürleriň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Hususan-da, «Türkmentel-2023» atly halkara ylmy maslahata Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň (ITU), Domen atlary dolandyrmak boýunça korporasiýasynyň (IСANN), Aragatnaşyk boýunça sebitleýin birleşmesiniň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň hem-de önüm öndüriji we programma üpjünçiligini taýýarlaýan «Nokia», «Huawei», «Eastwind», «NEС» ýaly kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Halkara forumyň çäklerinde Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar, startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen guralan, dürli ugurlar boýunça 317 sany taslama bilen ýaşlaryň gatnaşan «Sanly çözgüt — 2023» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşigini jemlemek hem meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda Türkmenistanda täze innowasion, sanly tehnologiýalaryň üstünlikli ornaşdyrylýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutany bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2023» atly XVI halkara sergisiniň we onuň çäklerinde geçirilýän ylmy maslahatyň ähmiýetini belläp, agentligiň ýolbaşçysyna forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň