2017 — 2022-nji ýyllaryň aralygynda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň 18,8 göterimi Merkezi Aziýa döwletleriniň paýynda düşýär. Bu barada Özbegistanyň Makroykdysadyýet we sebitleýin gözlegler instituty Merkezi Aziýa döwletleriniň özara hyzmatdaşlyk indeksiniň täze hasabatynda habar berdi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň özara hyzmatdaşlyk indeksi 7 görkeziji (eksport, import, söwda dolanyşygy, göni daşary ýurt maýa goýumlary, syýahatçylyk, zähmet migrasiýasy, söwda belgilerini açmak üçin berilýän arzalar) boýunça sebitiň ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlyk derejesini kesgitleýär. Mysal üçin, göterim görnüşinde sebit ýurtlaryna amala aşyrylan eksportyň dünýäniň beýleki ýurtlary bilen söwda dolanyşygyndaky paýy ölçelýär.
Täzelenen indeksde sebitde söwda belgileriniň hasaba alnyşy babatda uly ösüş göze ilýär. Has takygy, bu ugur boýunça görkeziji 2,2 esse artyp, 60,1 göterime deň boldy. Munuň özi sebitiň ýurtlarynyň işewürleriniň Merkezi Aziýadaky beýleki döwletlerde öz karhanalaryny açmaga bolan islegleriniň uly depginde artýandygyny tassyklaýar.
Mundan başga-da, hasabat döwründe Merkezi Aziýa sebitiniň içerki eksporty 1,3 esse (ýagny umumy eksportdaky paýy 11,4 göterim bolanlygyndan 14,7 göterime çenli), içerki import bolsa 1,2 esse (ýagny umumy eksportdaky paýy 17 göterim bolanlygyndan 20,4 göterime çenli) ýokarlanypdyr. Bu bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň öz aralaryndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak babatda alyp barýan işleriniň netije berýändigini aňladýar.
Şeýle-de 2017 — 2022-nji ýyllaryň aralygynda Merkezi Aziýa sebitindäki içerki syýahatçylyk 1,1 esse, sebitdäki göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberi bolsa 1,02 göterim artypdyr.