Soňky habarlar

Arhiw

Dagystan Türkmenistana un we balyk eksport eder

19:1202.11.2023
0
16206

Dagystanyň (Russiýa Federasiýasy) kärhanalary Türkmenistana un, balyk we aýna gaplaryny eksport ederler. Bu ugurda Türkmenistanyň işewür wekiliýetiniň Mahaçkala şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde degişli şertnamalar baglaşyldy diýip, Dagystanyň Eksporty goldamak merkezi habar berdi.

«Birnäçe günüň dowamynda türkmen telekeçileri we hususy kompaniýalarynyň wekilleri Dagystanyň işewürlik mümkinçiliklerini öwrendiler. Hususan-da, azyk önümlerine hem-de gurluşyk harytlaryna aýratyn üns berildi. Netijede Dagystandan Türkmenistana un, balyk we aýna gaplaryny eksport etmek boýunça ylalaşyklar gazanyldy» diýlip, habarda bellenilýär.

Türkmenistanyň işewür wekiliýetiniň agzalary saparyň çäklerinde Mahaçkala, Kizlýar we beýleki sebitleriň häkimliklerinde hem gepleşikleri geçirdiler.

«Häzirki wagtda Dagystan bilen Türkmenistanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň täze tapgyrynyň başlanandygyny aýdyp bileris. Indi taraplaryň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ep-esli ýokarlanjakdygyny çaklaýarys» diýip, Dagystanyň Eksporty goldamak merkeziniň başlygy Ruslan Abaskuliýew aýdýar.

Ýeri gelende bellesek, mundan ozal Türkmenbaşy (Türkmenistan) we Mahaçkala (Dagystan) portlarynyň arasynda ilkinji ýük gämisiniň gatnawynyň ýola goýulmagynyň işjeň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň