Top.Mail.Ru

Türkmenistan 2023-nji ýylda Russiýa 5 milliard kub metr tebigy gaz iberer

15:3127.10.2023
1
44633

«Gazprom» bilen Türkmenistanyň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda, 2023-nji ýylda Russiýa iberilýän türkmen gazynyň möçberiniň 5 milliard kub metr bolmagyna garaşylýar.

Bu barada «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» halkara maslahatynyň jemleri boýunça geçirilen metbugat ýygnagynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew žurnalistlere mälim etdi.

«Şertnamada tebigy gazyň ýyllyk üpjünçiligi 5 milliard kub metr mukdarda göz öňünde tutulýar. Türkmen tarapy şertnama boýunça borçnamalary her ýylda doly ýerine ýetirýär. Şertnama doly ýerine ýetirilýär we şu ýyl Russiýa Federasiýasyna türkmen tebigy gazynyň eksportynyň garaşylýan mukdary 5 milliard kub metr töweregi bolar» diýip, Myrat Arçaýew belledi.

Ýeri gelende bellesek, 2019-njy ýylda «Türkmengaz» DK bilen «Gazprom» JPJ-niň arasynda türkmen tebigy gazynyň Russiýa iberilmegi boýunça 5 ýyllyk ylalaşyk baglaşylypdy. Ylalaşyk 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň