Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşar

10:5027.10.2023
0
15387
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşar
Surat: baigenews.kz

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň 10 ýyllyk sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana sapar bilen barar. Bu barada «The Astana Times» habar berdi.

Sammite Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Wengriýanyň liderleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Duşuşygyň dowamynda agza döwletleriň baştutanlary we guramanyň synçylary ykdysadyýet, medeni gatnaşyklar, sebitdäki durnuklylyk ýaly dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Sammitiň agza ýurtlaryň we synçy ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi güýçlendirmek üçin möhüm duşuşyk boljakdygy bellenilýär.

Türki Döwletleriň Guramasynyň 9-njy sammiti Samarkantda geçirildi. Şol döwürde taraplar möhüm kararlary we durmuşa geçirmegiň gurallaryny öz içine alýan Samarkand Jarnamasyny kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň