Soňky habarlar

Arhiw

Dueýn Jonsona muzeýdäki mum heýkeli ýaramady

13:1926.10.2023
0
16459
Dueýn Jonsona muzeýdäki mum heýkeli ýaramady
Surat: mir24

Fransiýanyň Pariždäki Grewen muzeýinde aktýor Dueýn Jonsonyň mumdan ýasalan heýkeli ýerleşdirildi, emma ol aktýora we onuň muşdaklaryna ýüz-keşbiniň çakdanaşa akýagyzdygy üçin ýaramady diýip, «MIR 24» ýazýar.

Sebäbi aktýoryň ene-atasy garaýagyzdyr.

Aktýoryň heýkelini ýasan suratkeş iş wagtynda onuň fotosuratlaryndan we wideoşekillerden peýdalandy.

Muzeý aktýoryň özi hem nägilelik bildirenden soňra ýalňyşlygy düzetmegi söz berdi. Muzeýiň işgärleri uzak gije işläp, öňki heýkeli garaýagyz Dueýniň hakyky keşbinde dikeltdiler. Ol ýene-de muzeýiň zalynda goýuldy.

Muzeýiň işgärleri aktýoryň özüniň gelip, heýkele baha bermegine garaşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň