Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Maksim Şatskih: «Ahal» barada ýeterlik maglumat topladyk

09:5424.10.2023
0
14370
Maksim Şatskih: «Ahal» barada ýeterlik maglumat topladyk
Surat: podrobno.uz

«Pahtakor» toparynyň baş tälimçisi Maksim Şatskih ertir AFK Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyrynyň çäklerinde «Ahal» bilen boljak oýun barada pikir bildirdi. Bu barada şu gün geçirilen oýundan öňki metbugat konferensiýasyna salgylanyp, stadion.uz saýty habar berýär.

Metbugat konferensiýasynyň dowamynda Maksim Şatskih ertirki oýun we «Ahal» barada şeýle pikir bildirdi: «Biz «Ahal» barada ýeterlik maglumat topladyk — dogrudan hem, mynasyp garşydaş. Olaryň oýunlaryny seljerdik — çalasyn we oňat taýýarlykly topar. «Ahal» her bir garşydaşa kynçylyk döredip bilýär, ýagny topar bolup oňat goranýar. Ertir pursatlardan netijeli peýdalanmaga we öz öýnumyzy görkezmäge çalşarys. Janköýerleri begendirmegimiz gerek. Bize şu wagt 3 utuk örän zerur...

...«Ahal» oňat goranýar we juda tiz garşylyklaýyn hüjüme geçýär. Olar açyk pozisiýalardan dessin peýdalanmaga ukyply. Şonuň üçin hem, biziň öz oýunçylarymyzyň güýçli taraplaryndan peýdalanyp oýun gurmagymyz gerek. Ertir oňyn netije görkezeris diýip, umyt edýärin».

Mundan ozal «Turkmenportal» «Ahalyň» baş tälimçisi Serdar Geldiýewiň we toparyň kapitany Elman Tagaýewiň ertirki oýun baradaky pikirlerini siziň bilen paýlaşypdy.

Ýeri gelende bellesek, «Pahtakor» — «Ahal» oýny ertir Aşgabat wagty bilen sagat 19:00-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň