Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Geldiýew: Ähli toparlarda toparçadan çykmak üçin mümkinçilik bar

20:2323.10.2023
0
24082

Ertir «Ahal» AFK Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyrynda Daşkentde «Pahtakor» bilen güýç synanyşar. Şu gün iki toparyň tälimçileriniň we oýunçylarynyň gatnaşmagynda metbugat konferensiýasy geçirildi. Onuň ikinji böleginde «Ahalyň» baş tälimçisi Serdar Geldiýew we toparyň kapitany Elman Tagaýew žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler.

Serdar Geldiýew: «Ilki bilen, «Pahtakor» toparyna mähirli garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirýärin. «Pahtakor» toparynda ýeňşe bolan ymtylyşyň güýç boljakdygy tebigy ýagdaý. Sebäbi topar heniz ýeňiz gazanmady. Biziň hem öz meýilnamalarymyz bar. Ertir şolary ýerine ýetirmäge çalşarys».

Elman Tagaýew: «Oýna oňat taýýarlyk gördük. «Pahtakoryň» oýunlaryny seljerdik. Tälimçimiziň aýdyşy ýaly, öňde goýlan wezipäni iň ýokary derejede amal etmäge synanyşarys».

Soňra Serdar Geldiýew žurnalistiň «birinji tapgyrdaky «Al-Feýhanyň» üstünden gazanylan ýeňşiň tötänlik ýa tötänlik däldigi» baradaky sowalyna şeýle jogap berdi:

«Sensasiýa diýmek ýalňyş bolar diýip hasap edýärin. Çünki biz geçen möwsümde hem AÇL-de güýçli garşydaşy ýeňlişe sezewar edipdik. Elbetde, birinji tapgyrda, öz öýümizdäki birinji oýunda ýeňiş gazanmak ýakymly boldy. Hälki aýdyşym ýaly, biziň öz öňümizde goýan maksatlarymyz we oňa ýetmek üçin meýilnamalarymyz bar».

Soňra žurnalist Elman Tagaýewe «Özbegistanyň «Andijon» we «Nawbahor» toparlarynda oýnan döwrüni ýatladyp, özbek toparlaryna garşy oýnamagyň nähili duýgulary döredýändigi» baradaky sowal bilen ýüzlendi. Elman Tagaýew ol sowala: «Elbetde, «Pahtakoryň» düzümindäki Aziz Turgunboýewi gowy tanaýaryn. Onuň bilen «Nawbahorda» biraz wagt bilen oýnapdyk. Mundan başga-da, «Pahtakorda» milli ýygyndyňyzyň ençeme oýunçylary bar» diýip, jogap berdi.

Serdar Geldiýew metbugat konferensiýasynyň ahyrynda ertirki oýun baradaky öz pikirini şeýle sözler bilen jemledi:

«Ähli toparlarda toparçadan çykmak üçin mümkinçilik bar. Biz her bir garşydaşa garşy öz oýnumyzy orta goýmaga synanyşarys».

Ýeri gelende bellesek, «Pahtakor» — «Ahal» oýny ertir Aşgabat wagty bilen sagat 19:00-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň