Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen jigitleri sirk sungatynyň II halkara festiwalynda uly ýeňiş gazandylar

22:0206.11.2015
0
6051

Ýakynda Hytaýyň Guandun welaýatynyň Çžuhaý şäherinde geçirilen sirk sungatynyň II halkara festiwalyna gatnaşmagyň çäklerinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary dünýäniň 22 ýurdundan meşhur sirk toparlarynyň 32-siniň arasynda iň gowy topar diýlip ykrar edildi we festiwalyň baş baýragyna—Gran-pri Altyn kuboga mynasyp boldy.

Türkmen jigitleriniň örän owadan we özüneçekiji çykyşlary 10 günläp dowam eden festiwalyň her tapgyrynda ilkinji pursatdan başlap, tomaşaçylary haýran galdyrdy. Ajaýyp ahalteke bedewleri, artistleriň milli lybaslary, bedewleriň ýokary okgunly tizligi, at üstünden ýerine ýetirilýän örän çylşyrymly tilsimler — bularyň ählisi tomaşaçylary özüne bendi etdi.

Ajaýyp ahalteke bedewlerinde çykyş edýän “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary okgunly çapyp barýan atyň üstünde çylşyrymly tilsimleriň ýokary nusgasyny, belent derejesini görkezdiler.

Mälim bolşy ýaly, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary dünýä sirk sungatynda uly ýeňişleri bilen birnäçe gezek meşhurlyga eýe boldy. 2013-nji ýylyň oktýabr aýynda Moskwada geçirilen "Idol”  Bütindünýä  sirk sungaty festiwalynda bu topar ýeňiş gazanypdy. Şonda biziň sirk sungaty ussatlarymyz festiwalyň ähli ugurlary boýunça esasy baýraklary, şol sanda abraýly eminler  toparynyň baş baýragy bolan “Altyn Idol” Kubogyna, ýörite baýraga—Monte-Karlodaky 15-nji festiwala “Galkynyş” toparynyň çakylyk almagyna, Italiýanyň Weron şäherinde Sirk sungaty merkeziniň ýerine ýetirijilik ussatlygy diýen ýörite baýragyna we diploma, halkara žurnalistleriniň eminleriniň “Bürünç manež”  Kubogyna mynasyp boldular.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen ХVI halkara sirk sungaty festiwalynda jigitlerimiz uly ýeňşe eýe boldular. Şonda türkmen milli at üstündäki oýunlaryň ussatlary dünýä derejesindäki ýyldyzlar diýlip ykrar edildi.  Olara bäsleşigiň baş baýragy — “Latina-2014” Altyn kubogy, şeýle hem festiwalyň “Di Albacete”, “Сonsegina il Premo”, “Сomune Di Latine” ýörite baýraklaryň we Italiýanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň diplomlary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň