Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde sadaka berildi, Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy, meşhur türk aktýory Burak Özçiwit Aşgabat şäherine geldi we beýleki habarlar

13:3614.10.2023
0
24303

Türkmenistanda

1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň «Märkaw» myhmanhanasynda ýurtdaky ilkinji «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyklarynyň başlanmagyna ak pata bermek, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan milli gahrymanlary, şeýle hem Owganystanda ýakynda bolup geçen ýertitremede wepat bolanlary hatyralamak maksady bilen sadaka berildi.

2. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gyrgyzystana iş sapary tamamlandy, onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Bişkek şäherine iş saparynyň dowamynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, syýasy-diplomatik we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar

3. Türk kinosynyň ýyldyzlary – aktýor Burak Özçiwit we ssenarist Mehmet Bozdag «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwala gatnaşmak üçin Türkmenistana geldiler. Türkiýeli aktýor Burak Özçiwit «Beýik asyr», «Guruluş: Osman», «Saýrak guş», «Gara söýgi» seriallarynda janlandyran keşpleri bilen bütin dünýäde meşhurlyk gazandy. Meşhur türk ssenaristi, suratkeş we prodýuser Mehmet Bozdag «Men Jelaleddin», «Dessan», «Guruluş: Osman» we «Diriliş: Ärtogrul» ýaly meşhur filmleriň döredilmegine gatnaşdy. Şu gün Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda «Arkadagyň säheri» kinofestiwaly açylýar.

4. Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy Astana şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik gurady. Çäre giň gerimli baýramçylyk maksatnamasyndan ybarat boldy: myhmanlar wideoşekillere tomaşa etdiler, halylaryň sergisini synladylar we türkmen halkynyň milli aşhanasynyň tagamlaryny dadyp gördüler, şeýle hem konsert ýaýbaňlandyrylyp, onda milli «Küştdepdi» tansy ýerine ýetirildi.

5. 2023-nji ýylyň ýanwar – awgust aýlarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, üç esse artdy. Şu ýylyň bary-ýogy 8 aýynda ýurtlaryň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 645 million dollara ýetdi. Şeýle hem Azerbaýjanyň Zähmet ministrliginiň ýolbaşçysy 2021-nji ýylda gol çekilen Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek hem-de özleşdirmek hakynda Ähtnamanyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Dünýäde

6. Mobil aragatnaşyk operatorlarynyň assosiasiýasy tarapyndan geçirilen barlagyň netijesinde dünýäniň ilatynyň diňe 55%-niň smartfonlary ulanýandygy ýüze çykaryldy. 55% – bu 4,3 milliard adam diýmekdir. Adamzadyň galan böleginde ýa mobil telefonlar düýbünden ýok, ýa-da olar düwmeli nusgalary ulanýarlar.\

7. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan GDA-nyň başlyklygy Gyrgyzystandan Russiýa Federasiýasyna geçiriler. Täjigistan we Gyrgyzystan Russiýanyň egindeş başlyklary bolarlar. Bu barada GDA-nyň ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew Bişkekde geçirilen Arkalaşyga agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisinde aýtdy.

Sport habarlary

8. Türkmenistanly küştçi, halkara derejeli ussat Saparmyrat Atabaýew 5 – 11-nji oktýabr aralygynda Eýranyň Ahwaz şäherinde geçirilen ýaryşda ynamly ýeňiş gazandy. Saparmyrat mümkin bolan 9 utukdan 7,5 utuk toplap, umumy netije boýunça iň ýakyn garşydaşy, eýranly grossmeýsterden 2 utuk öňe geçdi. Şeýle hem Saparmyrat halkara grossmeýsteri derejesiniň ikinji kadasyny ýerine ýetirmegi başardy. Üstünlikli çykyşlary netijesinde, ol FIDE-niň sanawyndaky türkmen küştçüleriniň arasynda birinji orny eýeledi.

9. Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Dubaýdaky (BAE) türgenleşik ýygnanyşygyny dowam etdirýär. Ýygnanyşyk 8-nji oktýabrda başlandy we 18-nji oktýabra çenli dowam eder. «Dubaý Ýunaýted» toparyny 3:1 hasabynda ýeňenden soň, Türkmenistanyň milli ýygyndysy gündelik türgenleşiklerini dowam etdirdi. Günde iki gezek geçirilýän türgenleşik fiziki we taktiki taýýarlygy öz içine alýar. Mergen Orazowyň şägirtleri 15-nji oktýabrda ýene bir dostluk duşuşygyny geçirerler. «Şabab Al-Ahli» futbol topary bilen duşuşyk Dubaýyň «Al-Raşid» stadionynda geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 18:05-de başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň