Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Arkadagyň säheri» halkara film festiwalynyň açylyşy gyzyl halydan geçmek bilen başlanar

13:2214.10.2023
0
52492

Şu gün agşam Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän «Arkadagyň säheri» halkara film festiwalynyň açylyş dabarasy bolar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, dabara adatça, kino we teatr sungat işgärleriniň gyzyl halydan geçmegi bilen başlanar.

Film forumynda birnäçe filmleriň ilkinji görkezilişi bolar we döredijilik duşuşklary hem-de çykyşlar guralar. Meýilleşdirilen çäreleriň arasynda TRT-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan taýýarlanan gysga metražly filmleriň gala maksatnamasy bar.

Habarda bellenilişi ýaly, 15-nji oktýabrda paýtagtyň «Aşgabat» kinoteatrynda «Köneürgenç» we «Paýtagt Merw: beýik Seljuklaryň yzlary» taryhy filmleriň görkezilişi bolar. Görkeziliş 15:00-da başlanar.

Mundan başga-da film festiwalynyň maksatnamasynda Burak Özçiwitiň baş keşbi ýerine ýetiren «Gurluş: Osman» atly taryhy teleserialyň tanyşdyrylyşy bolar. Bu teleserialyň dürli möwsümleri surata düşürilende garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow keşp janlandyrypdy.

Biz ozal türkiýeli meşhur aktýor Burak Özçiwidiň Arkadag şäherinde geçiriljek halkara film festiwalyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň