Turkmenportal logo
14.10.23
109986109986
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Burak Özçiwit halkara film festiwalyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi

«Beýik asyr», «Gurluş: Osman» taryhy seriallarynda baş keşpleri janlandyran türkiýeli meşhur aktýor Burak Özçiwit Arkadag şäherinde geçiriljek halkara film festiwalyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Bu barada HHM habar berdi.


Ozal 14-15-nji oktýabrda Arkadag şäherinde «Arkadagyň säheri» halkara film festiwalynyň geçiriljekdigi barada habar beripdik.


Şeýle-de, meşhur türk ssenaristi we prodýuseri Mehmet Bozdag hem film festiwalyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.