Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyrjak resmi saparynyň türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşykdan soňra «Watan» habarlar gepleşiginiň habarçylaryna beren interwýusynda Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan Türkmenistanyň diňe bir doganlyk ýurtlaryň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkiýe Respublikasynyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň-da biridigini nygtady.
Hakan Fidan şeýle-de duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýakyn wagtda Türkiýe Respublikasyna amala aşyrjak saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hem türkmen döwletiniň Baştutanyna maglumat berendigini, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň giň toplumy barada pikir alşylandygyny belledi.
Mundan başga-da, ministr Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan bilen ýakyn gatnaşyklary dowam etmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.