Dünýäniň saz paýtagty hasaplanýan Wena hemmeleri 11-nji oktýabrda Arkadag şäherinde geçiriljek bäşinji Wena balyna çagyrýar diýip, TDH habar berýär.
Wenanyň meri we gubernatory Mihael Lýudwig bala gatnaşyjylara ýüzlenip, Awstriýanyň paýtagtynyň tansyň hem-de Wena bal däpleriniň halkara paýtagty hökmünde hem meşhurdygyny aýtdy.
Onuň aýtmagyna görä, Wenanyň gaýtalanmajak dünýäsi bilen döredilen özboluşly we täsin sazy netijesinde däp bolan Wena ballary daşary ýurtlarda iri halkara çärelerine öwrüldi. Aşgabatdaky myhmanlarymyz her ýylda geçirilýän Wena opera balynda «Alles Walser!» çagyryşyny ýene-de eşidip bilerler.
«Çäräni guraýjylara uly üstünlikleri, ähli myhmanlara bolsa ýatdan çykmajak agşamy hem-de däp bolan Wena walsynyň jadyly owazy astynda Wenanyň gaýtalanmajak dünýäsinden lezzet almagy arzuw edýärin» diýip, M.Ludwig öz gutlagynda belleýär.
Wena ballarynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýändigini bellemelidiris.