Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Nebitmaş» DK möwsümleýin iş geýimlerini tikip bermek üçin sargytlary kabul edýär

10:4325.09.2023
0
33465

Önümçilik ugurlarynyň biri iş geýimlerini öndürmek bolan Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasy iş geýimleriniň güýz-gyş möwsümi üçin niýetlenen görnüşlerine sargytlary kabul edip başlady.

Döwlet we hususy kärhanalaryndan ybarat bolan müşderilere gurluşykçylar, gurnamaçylar, utgaşdyryjylar, kebşirleýjiler, nebit we gaz işgärleri üçin öndürilen suw geçirmeýän kurtkalar, buşlatlar, ýyly kombinezonlar hem-de beýleki iş eşikleri hödürlenýär.

Ähli iş eşikleri örän çydamly hile eýe bolup durýan çig mallardan, antistatiki sapakly plaş matasyndan, ýyladyjydan we ş.m. materiallardan ybarat bolup, talap edilýän döwlet ülňülerine laýyklykda öndürilýär.

2021-nji ýylda işe girizilen «Nebitmaş» tikinçilik sehi tehnologiki taýdan ösen, islendik çylşyrymlylykdaky önümçilik işi ýerine ýetirilende ulanyja howpsuzlygy we oňaýlylygy üpjün edýän, çydamly we köptaraply iş geýimlerini öndürmäge ukyply, şeýle hem häzirki döwrüň hünärmen işiniň talaplaryna laýyk gelýän zamanabap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Iş eşikleriniň materiallarynyň ýokary hilli bolmagy ygtybarly paýlaýjylar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk we önümçiligiň her bir tapgyrynda tehnologiki proseslere yzygiderli gözegçilik etmek arkaly üpjün edilýär.

«Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň köpdürli görnüşli enjamlar, senagat we tehniki önümler hem-de iş eşikleriniň önümçiligi bilen bir hatarda, nebitçi işgärleriň oňaýly ýaşamagy üçin göz öňüne tutulan, ähli şertleri bolan tirkeg jaýjagazlary öndürýändigini, şeýle hem howalandyryş ulgamlaryny gurnaýandygyny we abatlaýandygyny ýatladýarys.

«Nebitmaş» DK-nyň möwsümleýin iş geýimlerini şu salgydan sargyt edip bilersiňiz: Aşgabat ş., 2008-nji köçe, 6-njy jaý.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69.

Faks: (+993 12) 76 02 25.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň