Soňky habarlar

Arhiw

«Nebitmaş» DK Türkmenistanyň içerki bazary üçin dürli hili elektrik enjamlary öndürýär

10:2811.09.2023
0
25877

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasy tutuş ýurt boýunça elektrik desgalaryna hyzmat etmek üçin niýetlenen önümleri öndürýär.

«Nebitmaş» şu hili önümçilik hyzmatlaryny hödürleýär:

  • transformator we yşyklandyryş stansiýalary üçin paýlaýyş şkaflary;
  • düzüm böleklerini — R-1000 we RPS pyçak wyklýuçatelleri, «şpilkalar», 1 kW çenli naprýaženiýe bilen transformatoryň giriş we çykyş kontaktlary.

Şeýle hem kärhana güýç zynjyrlaryny goramak üçin adaty we ýokary woltly elektrik zynjyrlaryny, elektrik simlerini, gaýtadan ýüklemekde hem-de gysga bölünmede elektrik hereketlendirijilerini we naprýaženiýe transformatorlaryny goramak üçin adaty we ýokary woltly goraýjylary öndürýär.

«Nebitmaş» kärhanasynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 2008-nji köçe, 6-njy jaý.

Goşmaça maglumat almak üçin telefon belgileri: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69. Faks: (+993 12) 76 02 25.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň