Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň esasy aýratynlygy köpugurly we köp wezipeli bolmagydyr

10:1618.09.2023
0
24147

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasy halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin niýetlenen önümleriň giň assortimentini öndürýär. «Nebitmaş» köpugurly kärhana bolmak bilen, halk hojalygynyň nebit-gaz we elektrik energetikasy ýaly pudaklaryna gerekli bolan enjamlaryň önümçiligini özleşdirdi we bu ugurdaky dürli görnüşli önümleriň önümçiligini ýola goýdy.

«Nebitmaş» kärhanasynyň gurluşy birnäçe önümçilik desgalaryny öz içine alýar: gurnama-kebşirleýiş önümçilik meýdançalary, mehaniki gurnama meýdançasy, ätiýaçlyk şaýlaryny öndürmek üçin mehaniki ýygnama meýdançasy, ulanyş, abatlaýyş we geçiriş kabelleri üçin synag meýdançasy, şeýle hem tikin önümleri bölümi. Bularyň ählisi giň ugurlar boýunça — gaz peçlerinden, nebit akymyny gyzdyryjylardan we metal gaplardan başlap, transformator we yşyklandyryş stansiýalaryna, elektrik geçiriji diňlerine hem-de elektrik enjamlary üçin düzüm böleklerine çenli köp sanly önümleri öndürmäge ýöriteleşendir.

Bulardan başga hem, «Nebitmaş» DK tarapyndan öndürilýän önümleriň hatarynda serhet gözegçilik diňleri, wagon görnüşli sürülýän jaýjagazlar we beýleki önümler bar. Şeýle hem, kärhana senagat we gurluşyk pudaklary üçin iş geýimlerini öndürýär, şunuň bilen birlikde kärhanada islendik görnüşli we çylşyrymlylykdaky tokar-frezer we ussaçylyk işleriniň köp görnüşi ýerine ýetirilýär.

«Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 2008-nji köçe (N.Pomma), 6-njy jaý.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 69 91 64, (+993 12) 76 02 43, 76 03 69.

Faks: (+993 12) 76 02 25.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň