Top.Mail.Ru

Arhiw

Ýörite iş eşikleri we uniforma — önümçilik howpsuzlygynyň we korporatiw ruhuň elementi

0
31136

Uly senagat kärhanalarynda işgärleriň hemmesiniň diýen ýaly ýörite iş eşiklerini geýýändigini her kim bilýändir. Şeýle-de lukmançylyk, azyk senagatynyň işgärleri, naharhana kärhanalarynyň işgärleri üçin ýörite lybaslar bar. Bu ýagdaýda hökmany şu hili lybaslary geýmek — işgärleriň özlerine, önümlere ýa-da müşderilere (kafelere we restoranlara gelýänler, hassahananyň näsaglary) bolan gatnaşygynyň howpsuzlyk talaplary bilen düşündirilýär.

Uniforma — harby işgärleriň we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, demir ýol işgärleriniň, deňiz işgärleriniň we uçarmanlaryň, şeýle hem lukmanlaryň, aşpez hünärmenleriň daş keşbiniň aýrylmaz bölegidir.

Soňky ýyllarda dürli kompaniýalaryň, kärhanalaryň we guramalaryň işgärleri tarapyndan uniformalary geýmek has meşhur bolup ugrady. Bu ýagdaýlarda unformany geýmek praktiki hyzmatyna garanyňda, psihologiki hyzmaty has köp ýerine ýetirýär. Arassa, bitewileşdirilen eşik işgärlere görnükli keşp berýär we olara özlerini toparyň bir bölegi ýaly duýmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, uniforma işgäriň tertip-düzgüne laýyk geýinmegine ýardam edip, beýleki adamlara bolsa kompaniýanyň işgärini beýlekilerden tapawutlandyrmagy aňsatlaşdyrýar. Bu aýratyn-da dükanlaryň mysalynda has göze ilýär — satyjyny adaty bir müşderi bilen çalşyrmak ýaly oňaýsyz ýagdaýyň döremegine getirmez.

Uly kärhanalarda, esasanam, agyr senagat bilen baglanyşykly kärhanalarda, azyk senagatynda, derman önümçiliginde, gurluşyk pudagynda ýörite egin-eşikleriň bolmagy — howpsuzlyk çäreleriniň bir şertidir. Amatly ýörite iş eşikler öndürijiligi ýokarlandyrmaga, işgärleriň ukyplaryna bolan ynamyny artdyrmaga we şikes töwekgelçiligini azaltmaga kömek edýär.

Adatça, önümçilik diňe bir şikes ýetmek howpy bilen çäklenmän, eýsem iş döwründe eşikleriň gaty hapalanmagy ýa-da ýyrtylmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýörite eşikler gündelik eşikleri zeper ýetmelerden goramaga ýardam edýär.

Lukmançylyk we azyk senagatynyň işgärleri üçin egin-eşik sanitariýa çärelerini berjaý etmegiň özboluşly usulydyr, hyzmatlar pudagynda kompaniýanyň ýa-da guramanyň işgärleri üçin bolsa, bu birleşdirýän we özüňi uly mehanizmiň möhüm bölegi ýaly duýmaga ýardam edýän korporatiw etikasynyň elementidir. 

Türkmenistanda işleýän döwlet we hususy kärhanalaryň köpüsi milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işleýänler üçin ýörite eşikleri tikmäge ýöriteleşendir. Bu kärhanalardan biri hem Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasydyr. Kärhananyň esasy iş ugry ýurdumyzyň nebitgaz we elektrik energiýa senagaty üçin zerur bolan enjamlary öndürmek bolup, şunuň bilen birlikde, «Nebitmaş» DK öz hünärmenleri we beýleki pudagyň işçileri üçin ýörite egin-eşikleriň tikinçiligini hem alyp barýar.

«Nebitmaş» DK-nyň tikinçilik sehlerinde buraw, senagat önümçiligi we gurluşyk kärhanalarynda işleýänler üçin kurtka, jalbar, ellikler, žiletler, buşlatlar öndürilýär. «Nebitmaşyň» eşikleri sürtülme, ýygy-ýygydan ýuwulmak we ýokary temperatura görnüşindäki zeper ýetip biljek ýagdaýlara çydamly bolan berk matalardan tikilýär we ol eşikleriň köpüsi köçelerde ýa-da yşyklandyryşy pes bolan şertlerde işleýänleriň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen şöhlelenýän matalar bilen örtülendir.

«Nebitmaş» DK-nyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 2008-nji köçe, 6-njy jaý.

Maglumat almak üçin telefon belgileri: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69.

Faks: (+993 12) 76 02 25.

Peýdalanylan çeşmeler: www.profidress.ru; www.patriot-cl.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar