Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasy» taýýarlanylýar

09:5024.09.2023
0
23164

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky» 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken Kararyna hem-de akyldar şahyryň doglan gününi dabaraly belläp geçmek boýunça 2022-nji ýylyň 23-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan iş Meýilnamasyna laýyklykda «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasy» taýýarlanylýar. Akyldar şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanylýan bu ensiklopediýa taryhda ilkinji gezek amala aşyrylýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, beýik akyldar şahyryň giň many-mazmuna eýe bolan edebi mirasy hakdaky maglumatlary özünde jemleýän «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny» sanly we neşir görnüşde taýýarlamak esasy öňde goýlan wezipeleriň biridir.

Ensiklopediýa şahyryň edebi mirasy, ýaşan döwrüniň syýasy-durmuş ýagdaýy, esaslandyran edebi-döredijilik mekdebi, türkmen diliniň, edebiýatynyň kämilleşmegindäki orny diýen ýaly otuza golaý bölümi öz içine alýar. Şeýle hem onda Magtymguly Pyragynyň Gündogar edebiýatynyň meşhur wekilleriniň döredijiliginden täsirlenişi, akyldar şahyryň edebi-döredijilik mekdebi, dini-ahlak garaýyşlary, okan medreseleri hem-de syýahat eden ýerleri baradaky maglumatlara giňden orun berilýär.

Bu ensiklopediýa Pyragynyň edebi mirasyny öwreniji rus, iňlis, pars, türk, özbek, täjik, azerbaýjan, gyrgyz, gazak, tatar, garagalpak alymlarynyň alyp baran ylmy-barlag işleri hem-de öwreniji alymlar hakdaky maglumatlary hem öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň