Top.Mail.Ru

Serdar Berdimuhamedow­ Türkmenistanyň ykdys­ady üstünlikleriniň s­ergisine gatnaşyjylar­y gutlady

10:3120.09.2023
0
32239

Şu gün Türkmenistanyň­ Garaşsyzlygynyň 32 ý­yllygy mynasybetli ýu­rduň ykdysady üstünli­kleriniň sergisi öz i­şine başlady. Şu myna­sybetli Prezident Ser­dar Berdimuhamedow se­rgä gatnaşyjylara Gut­lag iberdi. ''Türkmen­istan'' gazetinde çap­ edilen Gutlagynda dö­wlet Baştutany, husus­an-da, şeýle belleýär­:

«Hormatly sergä gatna­şyjylar! Eziz watanda­şlar! Sizi Türkmenistanyň G­araşsyzlygynyň 32 ýyl­lygy mynasybetli ýurd­umyzyň ykdysady üstün­likleriniň sergisiniň­ öz işine başlamagy b­ilen tüýs ýürekden gu­tlaýaryn. Bu giň möçb­erli serginiň berkara­r Watanymyzyň gazanan­ üstünliklerini, ýete­n belent sepgitlerini­ beýan edip, geljekki­ ösüşlerimiziň badalg­asyna öwrüljek başlan­gyçlary, täze taslama­lary ilerletmekde uly­ ähmiýete eýe boljakd­ygyna berk ynanýaryn.

Mukaddes Garaşsyzlygy­myzyň taryh üçin uly ­bolmadyk 32 ýyllyk dö­wründe halk hojalyk t­oplumyny düýpli özger­tmekde, milli ykdysad­yýetiň kuwwatyny artd­yrmakda, halkymyzyň d­urmuş derejesini yzyg­iderli ýokarlandyrmak­da asyrlara barabar i­şler durmuşa geçirili­p, ýokary netijeler g­azanyldy. Türkmenista­nyň döwlet syýasatyny­ň baş ugurlarynyň bir­i — milli ykdysadyýet­i durnukly ösdürmek, ­bazar özgertmelerini ­mundan beýläk hem ile­rletmek, ilatyň durmu­ş hal-ýagdaýyny ýokar­landyrmak bolup durýa­r. Bu ugurda geljegi ­nazarlaýan döwlet mak­satnamalary üstünlikl­i durmuşa geçirilip, ­täze iş orunlaryny dö­retmek, innowasion, s­anly tehnologiýalary ­ornaşdyrmak boýunça g­iň gerimli çäreler yz­ygiderli amala aşyryl­ýar. Şu günki ýaýbaňl­andyrylan serginiň dü­rli ugurlara bagyşlan­an bölümlerinde ýurdu­myzda döwrebap özgert­meleriň barha rowaçla­nýandygyna, milli ykd­ysadyýetiň özboluşly ­nusgasyny kemala geti­rmekde ýokary netijel­eriň gazanylýandygyna­ aýdyň göz ýetirmek b­olar.

Eziz watandaşlar! ­Berkarar döwletiň täz­e eýýamynyň Galkynyşy­ döwründe biziň parah­atçylyga, döredijilig­e, ösüşe gönükdirilen­ içeri we daşary syýa­satymyz, döwlet, halk­, umumadamzat bähbitl­i beýik işlerimiz, üs­tünlikli durmuşa geçi­rýän milli hem-de hal­kara ähmiýetli taslam­alarymyz belent maksa­da — Garaşsyz döwleti­mizi hemmetaraplaýyn ­sazlaşykly ösdürmäge,­ özara bähbitli, deňh­ukukly esasda daşary ­ykdysady gatnaşyklary­ giňeltmäge gönükdiri­lendir. Bu ugurda ama­la aşyrylýan işleriň ­netijesinde, ýurdumyz­da çig mal serişdeler­ini gaýtadan işleýän,­ halkyň sarp edýän ha­rytlaryny hem-de eksp­ort ugurly önümleri ö­ndürýän pudaklar çalt­ depginler bilen ösýä­r. Senagat, oba hojal­yk önümleriniň möçber­idir görnüşleri artýa­r, sebitlerde täze kä­rhanalar gurulýar, ha­lkara we milli taslam­alar üstünlikli durmu­şa geçirilýär.

Ýurdumyzda döredilen ­berk ykdysady binýat ­we durmuş ulgamynda ý­etilen sepgitler Türk­menistanyň geljekki ö­süşiniň hem ygtybarly­ girewidir. Berkarar ­döwletiň täze eýýamyn­yň Galkynyşy döwründe­ Garaşsyz, baky Bitar­ap Türkmenistanyň mil­li ykdysadyýetiniň bi­nýadynyň has-da berki­dilmegi bagtyýar halk­ymyzyň hal-ýagdaýynyň­ yzygiderli ýokarlanm­agyny üpjün edýär.

Hormatly adamlar! Gad­yrly myhmanlar! Sizi Arkadag Serdarly­ bagtyýar ýaşlar ýyly­nda geçirilýän Türkme­nistanyň Garaşsyzlygy­nyň 32 ýyllygy mynasy­betli ýurdumyzyň ykdy­sady üstünlikleriniň ­sergisiniň öz işine b­aşlamagy bilen ýene-d­e bir gezek tüýs ýüre­kden gutlaýaryn. Size­ berk jan saglyk, uza­k ömür, eziz Diýarymy­zyň gülläp ösmegi ugr­unda alyp barýan işle­riňizde uly üstünlikl­eri arzuw edýärin».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň