Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Garagum» HJ mata kysmy materiallardan dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýär

11:4914.09.2023
0
24089

«Garagum» hojalyk jemgyýeti mata kysmy dokma däl materiallary we önümleri öndürijileriň hem-de eksport edijileriň bazarynda Merkezi Aziýada öňdebaryjylaryň biri bolup durýar.

Aýratyn-da, spanbonddan we meltblawndan, şeýle hem innowasion tehnologiýalary ulanyp, spanbond/meltblawn/spanbond (spanmelt) usulynda birleşdirilen materiallardan öndürilýän «Garagum Nonwoven» haryt nyşanly önümlere aýratyn isleg bildirilýär. «Garagum Nonwoven» mata kysmy dokma däl materiallary dürli dykyzlygy, berkligi hem-de ulanyş maksatlary bilen tapawutlanýar.

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşýän zawodda her ýylda takmynan 2500 tonna dokma däl material öndürilýär we bir gezek ulanylýan köp gatly agyz-burun örtükleri, bir gezek ulanylýan eşikler we esbaplar öndürilýär. Dokma däl material aýratyn sargyt esasynda öndürilýän dürli ululykda we reňkde, dykyzlykda bolan, logotipli we logotipsiz daşlyklary, sumkalary, esbaplary öndürmek üçin ulanylýar.

Öndüriji dokma däl materiallaryň täze nesliniň diňe bir gündelik durmuşda gymmat bahaly dokma önümleriniň ornuny tutman, eýsem Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bu möhüm pudagynda daşary ýurt önümleri bilen üstünlikli bäsleşip biljekdigine ynanýar.

Döwrebap enjamlaryň, ösen tehnologiýalaryň we önümçilik işine gatnaşýan ýokary hünär taýýarlykly işgärleriniň bolmagy «Garagum» hojalyk jemgyýetine ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Dokma däl materiallary öndürmek üçin çig mal süýümini emele getirýän polimerler, mysal üçin Türkmenistanda öndürilýän polipropilen hyzmat edýär. Dokma däl materiallardaky bu süýümler dokma usulyny ulanman, biri-birine özbaşdak usulda birikdirilýär. Bu usul dokma önümlerini çalyşýan, şol bir wagtyň özünde dykyzlygy, güýji, ýuwmaga durnuklylygy, howany geçirijiligi we ş.m. ýaly has ýokary häsiýetlere eýe bolan täze gurluşyň matasyny almaga mümkinçilik berýär.

Kompaniýanyň intetgrirlenen dolandyryş ulgamy hil dolandyryşy, daşky gurşawy dolandyrmak, saglygy goraýyş we zähmet howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ISO 9001:2015, ISO 14001:2015 we ISO 45001:2018 standartlarynyň talaplaryna kybap gelýär, bu bolsa üstünlikli sertifikatlaşdyrmanyň geçilip, degişli şahadatnamanyň alnandygyna şaýatlyk edýär. Mundan başga-da, «Garagum» HJ dokma däl materiallary öndürijileriň dünýäde öňdebaryjy birleşigi bolan EDANA-nyň agzasydyr.

Kompaniýanyň esasy maksatlaryndan biri önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak, doly we berk hil gözegçiligini üpjün etmek bilen önümleriň görnüşlerini giňeltmek bolup, bu «Garagumyň» dünýä bazaryndaky ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki eýeleýän ornuny berkider.

Kompaniýanyň geljekki maksatlary: importy azaltmak we eksport artykmaçlyklaryny hem-de önümçiligiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak; çig mal üpjün edijiler we müşderiler bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak; dürli funksiýaly mata kysmy dokma däl materiallary işläp taýýarlamakda hem-de olary önümçilige ornaşdyrmakda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak; energiýany tygşytly ulanmak, galyndylary we zyňyndylary azaltmak arkaly daşky gurşawy goramak işine gatnaşmak.

Bellik: täzelik aksiýa boýunça ýerleşdirildi: «Sarayan» fabrikasyndan ýörite iş geýimlerini sargyt edip, «Turkmenportal» web saýtyndan kärhananyňyzy mahabat etdirmek mümkinçiligini gazanyň».

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň