«Sarayan» HJ kärhanalar we edaralar üçin ýörite iş eşiklerini tikmek boýunça sargytlary kabul edýär

09:5619.07.2023
0
34416

«Sarayan» hojalyk jemgyýeti senagat kärhanalarynyň, söwda we restoran zynjyrlarynyň, myhmanhanalaryň, ulag kompaniýalarynyň işgärleri üçin ýörite iş eşigini we gulluk lybaslaryny tikmek hyzmatyny amala aşyrýar.

«Sarayanyň» taýýarlaýan ýörite iş eşikleri nebiti gazyp almak bilen meşgullanýan kärhanalarda, zawodlarda we fabriklerde, azyk we dokma senagatyna degişli kärhanalarda, oba hojalygynda, kafelerde we restoranlarda, lukmançylyk edaralarynda, şeýle hem hyzmatlar pudagyna ýöriteleşen kompaniýalarda peýdalanylýar.

«Sarayan» ýörite iş eşigini we gulluk lybaslaryny taýýarlamak üçin ýokary berklige eýe tebigy we sintetiki matalary ulanýar. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, eşikde kompaniýanyň nyşany ýa-da logotipi nagyşlanyp çekilýär ýa-da şöhlelendiriji zolaklar tikilýär. Mundan başga-da, dowamly müşderiler üçin dürli goçmaşa hyzmatlar (bonuslar) we arzanladyşlar göz öňünde tutulýar.

«Sarayan» sargyt esasynda ýörite iş eşiklerini öndürýär, şol sanda iri möçberli we gyssagly sargytlary ýerine ýetirýär. Kärhananyň kuwwaty aýda 10 müňe çenli ýörite iş eşiniň toplumyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Kärhananyň önümleri üstünlikleriň sergilerine birnäçe gezek gatnaşdy.

Ýatlatsak, «Sarayam» kärhanasy müşderilerine goşmaça sowgat – «Turkmenportal» internet neşirinde mahabat ýerleşdirmek mümkinçiligini berýär.

«Sarayan» HJ-niň önümleriniň nusgalary bilen kompaniýanyň saýtynda, şeýle hem sosial ulgamdaky sahypasynda tanşyp bilersiňiz. Goçmaşa maglumat almak üçin telefon belgileri: (+993 65) 68 47 01, (+993 65) 68 47 02, (+993 12) 21 02 17. Faks: (+993 12) 21 02 18.

E-mail: sarayan@degirmen.group

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň