Soňky habarlar

Arhiw

«Sarayan» tikinçilik kärhanasy sargyt esasynda nah matadan futbolkalary we batnikleri tikýär

10:1024.05.2023
0
30554

Ýörite lybaslary tikmek boýunça «Sarayan» tikinçilik kärhanasy futbolkalary we batnikleri taýýarlamak boýunça sargytlary kabul edýär.

«Sarayan» tikinçilik kärhanasynyň önümleri nah matadan taýýarlanylýar, şonuň üçin hem olar geýmek üçin rahatdyr, ýuwmak ýeňildir, howany örän gowy geçirýärler we bedende ýakymsyz täsir döretmeýärler.

Kärhana 2XS-den 3XL-e çenli ähli ölçegli geýimleri öndürýär. Şeýle hem zerur ýagdaýlarda lybaslara suratlar ýa-da keşdeler görnüşinde kompaniýanyň nyşany ýa-da şekili ýerleşdirilýär.

«Sarayan» iri dükanlar zynjyrlarynyň, kafeleriň we restoranlaryň, lukmançylyk edaralarynyň, azyk we himiýa senagaty boýunça kärhanalaryň hünärmenlerini, gurluşyk kompaniýalarynyň, fabrikleriň we zawodlaryň işgärlerini ýörite lybas bilen üpjün edýär.

Şeýle hem «Sarayana» ýörite lybas sargyt edilende kompaniýa müşderilerine goşmaça sowgat – «Turkmenportal» internet neşirinde mahabat ýerleşdirmek mümkinçiligini berýär.

Sargytlar üçin «Sarayana» şu salgyda ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat, A.Nyýazow köç., 174, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasy, howludaky girelge, 1-nji gat, ofis № 2/101.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 65) 68 47 01; (+993 65) 68 47 02; (+993 12) 21 02 17; Faks: (+993 12) 21 02 18. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Elektron poçta salgysy: sarayan@degirmen.group

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň