«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sport toplumda futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň 12-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy habar berdi.
Günüň ilkinji oýnunda «Senagatbank» Daşoguzyň «Turanyny» 6:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Mundan başga-da, turnir tablisasynyň lideri «Köpetdag» «Gümrükçini» 8:4 hasabynda utan bolsa, häzirki çempion «Deňizçi» «TNGIZT-den» 4:1 hasabynda üstün çykdy.
Şeýlelikde, «Köpetdag» ikinji orundaky topar bilen aratapawudy artdyrdy. Häzirki wagtda ýurduň geçen ýylky çempiony «Köpetdagyň» hasabynda 32, «Deňizçiniň» hasabynda 28, «Senagatbankda» bolsa 23 utuk bar.