Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropaly arheologlar gadymy Marguşyň çäginde gazuw-agtaryş işlerine başladylar

09:5607.09.2023
0
32189

Gadymy Marguşyň çäginde ýerleşýän «Togolok-1» ýadygärlikler toplumynda Ortaýer deňzi we gündogarşynaslyk halkara birleşiginiň, Berliniň Erkin Uniwersitetiniň we Bolonýa uniwersitetiniň arheologlar topary güýzki gazuw-agtaryş işlerine başladylar. Bu barada «Bigasia» ýazýar.

«Togolok-1» ýadygärlikler toplumy 30-dan gowrak ýadygärlikden ýa-da şäherçelerden ybarat. Öňki gözlegler daýhanlar bilen çarwalaryň arasyndaky integrasiýanyň intensiwligini we degişli prosesiň ýerli ykdysadyýetiň üýtgemegine edýän täsirini aýdyňlaşdyrmaga kömek etdi.

Taslama Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki halkara uniwersitetleriň maliýe goldawy bilen durmuşa geçirilýär.

Gadymy Marguş (Margianna) döwleti b.e.öň 5 — 3-nji asyrlarda häzirki Türkmenistanyň çäginde ýerleşipdir. Bu barada ilkinji ýazmaça ýatlama «Awesta» kitabynda duş gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň