Top.Mail.Ru

Arkadag we Maisons-Laffitte doganlaşan şäherler bolar

20:2106.09.2023
0
16331

Arkadag we Maisons-Laffitte şäherleriniň arasynda doganlaşmak barada dostlukly ylalaşygyň Jarnamasyna sişenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministri Katrin Kolonna bilen resmi duşuşygyň çäginde gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Şunuň bilen birlikde, türkmen wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň çäklerinde aşakdaky resminamalara gol çekildi:

  • Arkadag we Maisons-Laffitte şäherleriniň arasynda doganlaşmak barada dostlukly ylalaşygyň Jarnamasy;
  • Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş bankynyň - Union de Banques Arabes et Françaises – U.B.A.F bilen hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz tarapynyň çakylygy boýunça Parižde resmi saparda boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň