«Ynamly awto merkezi» Türkmenistanda «Kia» we «Hyundai» awtoulaglaryna bejeriş we hyzmat ediş işlerini ýerine ýetirýär

10:0805.09.2023
0
31408

Aşgabatdaky «Kia Hyundai» söwda-hyzmat ediş merkezinde ýerleşýän «Ynamly awto merkezi» HJ «Kia» we «Hyundai» koreý markalarynyň awtoulaglary üçin ýokary derejede bejermek hem-de tehniki hyzmat ediş işlerini hödürleýär.

Işler bu ugurda uly tejribesi bolan hünärmenler tarapyndan ýerine ýetirilýär. Awtoulaglara Germaniýada, Koreýada we Türkiýede öndürilen ýörite enjamlar, ätiýaçlyk şaýlary bilen hyzmat edilýär. Hünärmenler ulagyň hereket ulgamynda anyklaýyş barlagyny geçirýärler, zerur bolan abatlaýyş işlerini gysga wagtda we ýokary hilli ýerine ýetirýärler.

«Ynamly awto merkezi» müşderilere şu salgyda garaşýar: Aşgabat ş., Oguzhan köçesi, «Kia Hyundai» söwda-hyzmat ediş merkezi (ýekşenbe gününden başga ähli günler işleýär). Iş wagty — 9:00-dan 18:00-a çenli.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 69 70 91 we (+993 65) 67 48 93.

Bellik: habar aksiýa boýunça ýerleşdirildi: «Sarayan» fabriginden ýörite iş geýimini sargyt etseňiz, «Turkmenportal» web saýtynda önümleriňizi tölegsiz mahabatlandyryp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň