Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Akdepe etrabynyň häkimi we onuň orunbasary täzelendi

22:4404.09.2023
0
30972

Pensiýa gitmegi sebäpli, Bazarbaý Gökleňowiç Gylyjow Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Şyhmyrat Esenowiç Annaýew bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Şeýle-de, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, W.Meretamanow Akdepe etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadylyp, bu wezipä B.Babajykow bellenildi.

Türkmenistanyň Prezid­enti degişli resminam­alara şu gün sanly ul­gam arkaly geçiren iş­ maslahatynyň barşynd­a gol çekdi. Bu barad­a «Watan» habarlar ge­pleşiginde habar beri­ldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň