Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BMG-de Türkmenistan bilen Braziliýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça duşuşyk geçirildi

22:5801.09.2023
0
30869
BMG-de Türkmenistan bilen Braziliýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça duşuşyk geçirildi
Surat: un.mission.gov.tm

Türkmenistanyň BMG-daky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa kärdeşi, Braziliýanyň BMG-däki hemişelik wekili Serjio Fransiýa Danes bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň BMG-däki (Nýu-Ýork şäheri) wekilhansynda geçirilen duşuşykda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi, şeýle hem halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki özara gatnaşygyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Belllenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda BMG-niň düzümlerinde ýakyn wagtda geçiriljek saýlawlaryň mümkinçiliklerine garaldy. Mundan başga-da, taraplar 2024-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň we Braziliýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri guramagyň mümkinçilikleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň BMG-däki diplomatyk gullugynyň habar bermegine görä, ilçiler iki ýurt üçin aýratyn gyzyklanma döredýän başlangyçlara özara goldaw bermek däbini dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler, şeýle hem özara ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we Türkmenistan bilen Braziliýanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak üçin işjeň gatnaşygy ýola goýmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň